Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaşaň kada: Eýranyň elit çagalarynyň göze ilýän kaşaň durmuşy gahar-gazap döredýär


Tähranyň baý çagalary - Instagramdan alnan surat
Tähranyň baý çagalary - Instagramdan alnan surat

Eýranly ilçiniň oglunyň “göz gamaşdyryjy lýuks” toýunyň suratlary ýurduň elitasynyň çagalarynyň, 82 millionlyk ilat agyr ykdysady krizise duçar wagty, sürýän döwrany barada pikir döredip, jemgyýetçiligiň tankydyna uçrady.

Tähranyň Daniýadaky ilçisiniň ogly Amir Mohsen bilen eýranly modelýer hem-de dizaýner Anaşid Hosseýniniň 2017-nji ýylyň tomsunda paýtagtyň iň “owadan hem lýuks” diýlip mahabatlandyrylýan toý zallarynyň birinde tutan toýunyň suratlary köpçülige ýaýramazdan ozal ýurtdaky atmosfera onsuzam dartgynlydy. Bu toý mekany ýokary gatlagyň Şahrak Garb mähellesinde ýerleşýär.

Eýranyň pul birligi bolan riýalyň uzak wagtdan bäri güýji gaçyp gelýärdi, ýöne prezident Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň üç ýyllyk şertnamadan çekilýändigini aýdyp, sanksiýalary täzeden girizensoň, ýurduň milli puly görnetin ejizledi. Azyk harytlaryň bahalarynyň gymmatlamagy bilen dekabr ýanwar aýlarynda ýurduň onlarça şäherinde köçe protestleri turdy. Käbir protestçiler Ýokary lider Aýatollah Ali Hamaneýä ölüm diledi.

2017-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynyň iň esasy temalary ýurtdaky sosio-ykdysady kynçylyklar we iş orunlaryny döretmek boldy. Saýlaw kampaniýalarynyň netijesinde beýlekilere garanyňda aram syýasat ýöredýän Hassan Rohani ikinji möhlete prezidentlige saýlandy.

Üstümizde agyr günleriň garaşýandygyny alamatlandyrýan soňky howatyrlanmalar, şol sanda ýurduň iri şäherlerinde, Tähranda, Yspyhanda we Karajda gymmatçylyga garşy nägilelik çäreleri döredi.

Soňra Moradian bilen Hosseýniniň toý suratlary peýda boldy. Belki-de ynanmak kyn, ýöne tankytçylar bu toýa “milliardlarça” riýalyň harçlanandygyny çaklaýar. Märekede düşürilip Internete goýlan suratlarda hökümet resmileriniň toýa gatnaşandygyny görmek bolýar.

Belli-meşhur Fararu websaýty “kaşaň” toýuň kämillik ýaşyna ýeten 12 million eýranlynyň durmuş gurmaga gurbunyň çatmaýan wagty uludan tutulandygyny öňe sürdi.

Köpler üçin bu ýagdaý Eýrandaky deňsizligi we adalatsyzlygy açyp görkezýär. Beýlekiler bolsa uludan tutulan kaşaň toýuň suratlaryny döwlet resmileriniň rewolýusiýanyň gymmatlyklaryny we onuň ideallaryny berjaý etmeýändiklerine mysal edip görkezýän ýaly.

Öz gezeginde şularyň ählisi, il arasynda “agazadalar” diýlip tanalýan Eýranyň ýokary gatlagynyň çagalaryna garşy gönükdirilýän tankytlary täzeden alawlandyrdy. Olar tanyş üsti bilen, ýa-da garyndaşlyk gatnaşyklary arkaly ýokary wezipelerden hem-de döwlet şertnamalaryndan has içgin peýdalanýandyrlar diýlip pikir edilýär.

“Yslam Respublikasynyň soňy geldimi?”

Internetde peýda bolan toý suratlary boýunça, konzerwatiw ruhanylaryň biri şeýle wakalaryň Eýranyň dini binýadyna zarba urmak ähtimallygyna ünsi çekdi. Dini gurluşyň esaslandyryjylary we liderleri uzak wagtdan bäri pes päl durmuş ýörelgelerini we garamaýaklaryň hukuklaryny goldap çykyş edip gelýär.

“Resmileriň durmuş kada kanunlary babatda Ymamyň ýörelgeleri ýalňyşmy, ýasamamy?” diýip, “Ymam” diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasynyň esaslandyryjysy we öwrülişigiň lideri Aýatollah Ruhollah Homeýnini göz öňünde tutup, Seýed Mohammad Mehdi Sadrolsadati Eýranyň Daniýadaky ilçisi, toý tutýan ýigidiň kakasy Morteza Moradiana ýüzlendi.

Syýasy bähbit aramazdan aç-açanlyk ugrunda iş alyp barýan Sadrolsadatiniň agzalýan toýy “aşa lýuks” diýip tankyt edenleriň ilkinjileriniň hataryndadygyna ynanylýar. Ol keramatly şaýy şäheri hasaplanýan Komda ýaşaýar.

Sadrolsadati internetde paýlaşan postunda “örän az eýranlynyň ýurduň iň gymmat toý mekanlarynyň birinde Mersedes Benzli baryp, toý tutmaga mümkinçiligi bar wagty, nädip Eýranyň döwlet gurluşynyň wekili şeýle wakanyň ýüze çykmagyna ýol berip bilýär?” diýip ýazdy. Moradian suratlaryň özlerinden birugsat ýaýradylandygyny aýdansoň, Sadrolsadati Internetde paýlaşan postuny pozdy.

“Siz özüňizi jogapkär duýaňyzokmy? Bu Eýranyň yslam respublikasynyň soňumy?” diýip, ol ýene-de Homeýnä salgylandy: “Haçan-da resmiler çatmalaryny terk edip, köşki eýwanlarda ýaşap başlasa, bu Eýranyň yslam respublikasynyň soňy bolar”

Gelin ‘utanmaly’

Tankydy bellikleriň agramly bölegi durmuşa çykýan gyza, Hosseýnä gönükdirildi. Ol, bir gezek, köpçülikleýin maglumat serişdelerine beren interwýularynyň birinde özüniň diňe daşary ýurt markaly lybaslary geýýändigini, zat satyn almak üçin daşary ýurda gidýändigini aýdypdy. “Bizde, Eýranda çyndanam hiç zat ýok, bizde markalar ýok” diýip, ol aýdypdy.

Köp sanly eýranly Hosseýniniň dürli aksesuarlary, şol sanda ýaglyk dakynyp, el sumka göterip düşen suratlaryny Instagramdan alyp, olaryň üstüne fotoşop bilen baha ýazyp Internetde paýlaşdy.

Hosseýni hususan-da hem yslam hyjabyny, hem gymmatbahaly daşary ýurt brendlerini birwagtda götergileýäni üçin, Eýranyň “ahlak taýdan çöküşiniň” keşbini janlandyrýar diýip, Internet ulanyjylarynyň biri ýazýar. “Ýüzi gözi bir topar boýagly kaşaňlyk çaýylan aýala rewolýusion ýaşlar eýerýär” diýip, sosiologiýa ugruny tamamlanan Said Saraf Twitterde ýazdy.

Ol dini başatgyjyny çykaryp Birleşen Ştatlara ýerleşen eýranly matematige salgylandy: “Eger Homeýni diri bolsady, men onuň özüni kime, Marýam Mirzahanämi, ýa-da Anaşid Hoseýnä has golaý duýýandygyny aýtmagyny islärdim”

Döwlet mediasynda-da seýrek tankyt peýda boldy. Tähran radiosynyň moderatory toýuň öňe sürülýän bahasy we Hosseýniniň diňe daşary ýurt brendlerini geýmek barada aýdanlary hakynda närazylygyny aýtdy. Moderator günorta-günbatar Eýranda, käbirleriniň aýtmagyna görä ýeter-ýetmezlik sebäpli özüni asan ýaş ýigit baradaky habarlara salgylandy, hem-de bu biri-birine gabat gelmeýän hadysalar sowajaňlykda aýyplanýanlary “utandyrdymyka” diýip sorady.

“Siz ölüň! Siz şehitleriň ganyny aýak astyna aldyňyz” diýip, gepleşige gatnaşýanlaryň biri gazap bilen radiodan seslendi. Efir derhal kesildi.

“Oňat genler”

Ilçi Moradian toýuň “Eýran jemgyýetindäki kadalara we adaty normalara laýyklykda” tutulandygyny aýdyp, Sadrolsadatini maşgalasyna töhmet atmakda aýyplady.

Moradian we Hosseýni toýuň bahasy barada öňe sürülýän ummasyz mukdary ret edip, ähli toý çykdajylaryň öz hasaplaryndan harçlanandygyny aýtdylar.

Şeýle-de, Hosseýni özüniň Instagram sahypasyndaky suratlarda göterýän daşary ýurt sumklarynyň köpüsiniň ýasamadygyny, öz kakasynyň hökümet resmisi däldigini hem-de Moradiana durmuşa çykmazdan ozalky durmuşy barada hiç kimiň öňünde hasabat bermäge özüniň borçly däldigini aýtdy.

“Bularyň hemmesi agazada barada edilýän çişirilen boş gürrüňler. Men biz agazadadyrys öýdemok. Agazada 30-40 million tümenlik [7000 – 9000 dollar] maşyn münüp, 90 inedördül metrlik kireýine alnan kwartirada ýaşamaýar” diýip, Insatagram sahypasynda göni ýaýlymda eden çykyşynda aýtdy.

Birnäçe aý mundan ozal reformaçy eýranly syýasatçynyň ogly durmuşda gazanan üstünliklerini özüniň “oňat genlere” borçludygyny aýdyp, gahar-gazaba sebäp bolupdy. Häzirki jemgyýetçilik çekişmeleri şol nägilelikleriň yz ýanyna gabat gelýär.

Şeýle-de häzirki çekeleşikler ençeme syýasatçynyň ogullarynyň iş tejribeleriniň ýokdugyna garamazdan ýokary wezipeleri eýeländikleri barada ýaýran gürrüňleriň fonunda bolup geçýär.

Jemgyýeti öwreniji sosiolog Ahmad Nahibzadeh peýda bolýan habarlaryň ähliumumy jemgyýetçilik nägileligine öwrülmeginiň ahmaldygyny aýtdy. “Yslam respublikasy özüniň gymmatly howandaryny, ýagny halkyň gözündäki manysyny ýitirýär. Halkda elita barada aşa negatiw pikirler döreýär” diýip, Nagibzadeh Etemadonline.ir saýty bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Eýranyň Wenezuelladaky ozalky ilçisiniň ogly Mohammad Saşa Sobhani özüniň ýokary gatlaga mahsus durmuşyny jemgyýetçilige ýetirýän az sanly adamlaryň hataryndadyr. Iranwire.com saýtynyň Dubaýda ýaşaýan Sobhani bilen aprel aýynda geçiren interwýusynda ol 15 ýaşyndan bäri maliýe taýdan öz-özüni ekleýändigini, garaşsyzdygyny aýtdy.

“Men [Wenezuellada] oňat dostlar edindim. [Wenezuellanyň öňki prezidenti Hugo] Şaweziň ogly meniň ýakyn dostum. Bu zatlaryň hemmesi meniň akylly-başly hereketlerim sebäpli boldy. Meniň kakamyň ilçi wezipesinde işlemeginiň bu zatlara düýbünden hiç-hili dahyly ýok. Meniň öz biznesim bar, ýöne käbir görümsiz eýranlylar ‘bu adam pul ogurlady’ diýen gürrüňleri edýär” diýip, ozalky ilçiniň ogly aýtdy.

XS
SM
MD
LG