Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky harby türgenleşikler başlaýar


Gürjüstandaky harby türgenleşiklere gatnaşýan dikuçarlar.
Gürjüstandaky harby türgenleşiklere gatnaşýan dikuçarlar.

Gürjüstanyň prezidenti Giorgi Margwelaşwili, ABŞ we NATO agza käbir beýleki ýurtlar bilen başlaýan bilelikdäki harby türgenleşikleriň fonunda, Russiýanyň ýurduň böleklerini bikanun basyp almagyny ýazgardy.

Iki hepdelik “Asylly hyzmatdaş” ady bilen geçirilýän bu harby türgenleşiklere 1 müň 300 gürji, 1 müň 170 ABŞ-ly, şeýle-de NATO agza sekiz ýurduň, ýagny Britaniýanyň, Germaniýanyň, Estoniýanyň, Fransiýanyň, Litwanyň, Polşanyň, Norwegiýanyň we Türkiýäniň ýüzlerçe esgerleri gatnaşýarlar.

Bu hili harby türgenleşikler Gürjüstanda eýýäm dördünji gezek geçirilýär.

NATO agza bolmadyk Ukraina, Ermenistan we Azerbaýjan hem öz esgerlerini ýolladylar.

2008-nji ýylyň awgustda Gürjüstan ýurduň separatist Günorta Ossetiýa regiony üstünde Russiýa bilen uruşypdy. Moskwa bu sebitde heniz hem öz goşunlaryny saklaýar. Kreml beýleki separatist Abhaziýa sebitini hem goldaýar.

XS
SM
MD
LG