Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly türkmen bagşylary toýlarda bagşy aýtdyrmagyň azalýandygyny aýdýarlar


Eýranly bagşy Aýmuhammet Mugymy şägirdi bilen
Eýranly bagşy Aýmuhammet Mugymy şägirdi bilen

Eýrandaky türkmen bagşylary we türkmen halk aýdym-sazynyň muşdaklary soňky wagtlarda il arasynda bagşy aýtdyrmagyň juda azalandygyny, munyň bagşyçylyk däbine bolşy ýaly, bu kärden güzeran aýlaýanlaryň durmuşyna hem ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Eýrandaky türkmen bagşylarynyň durmuş problemalaryna gönükdirýär.

Gepleşigiň myhmanlary türbetjamly bagşy Gulam Salari we gümmetkowusly dutar ussasy hem bagşy Aýmuhammet Mugymy Eýrandaky türkmen bagşylarynyň häzirki döwürde başdan geçirýän kynçylyklaryny gürrüň berýärler.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Eýranly türkmen bagşylary toýlarda bagşy aýtdyrmagyň azalýandygyny aýdýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:58 0:00

XS
SM
MD
LG