Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýadaky ýer titremede azyndan 142 adam öldi


Daşary ýurtly turistler Lombok adasynda dörän ýer titremeden soň, sebiti terk edýärler. 6-njy awgust, 2018 ý.
Daşary ýurtly turistler Lombok adasynda dörän ýer titremeden soň, sebiti terk edýärler. 6-njy awgust, 2018 ý.

Indoneziýanyň Lombok adasynda ýüze çykan ýer titremede azyndan 142 adam öldi, başga-da ýüzlerçesi ýaralandy.

Ýerli resmiler 7 bal derejesindäki bu tebigy hadysanyň netijesinde kurort şäheri Mataramda “uly” weýrançylyklaryň dörändigini, şeýle-de adam pidalarynyň sanynyň artmagynyň mümkindigini aýtdylar.

Ýer sarsmanyň täsiri goňşy Bali adasynda hem duýuldy.

Geçen hepde Indoneziýanyň başga bir kurort sebiti – Lombokda hem ýer titreme bolup, onda azyndan 16 adam heläk bolupdy.

XS
SM
MD
LG