Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Manafortyň işi bilen bagly şaýat ukrain, orsýet pullary barada maglumat berdi


Rik Gates
Rik Gates

Prezident Donald Trampyň saýlaw kampaniýasynyň öňki başlygy Paul Manafortyň uzak wagtlyk partnýory oňa Ukrainanyň raýatlaryndan gazanan millionlarça dollarlyk puly gizlemäge nädip ýardam berendigini mälim etdi.

Manafortyň işi boýunça şaýat Rik Gatesyň 6-njy awgustda ABŞ-nyň sudunda eden çykyşynda baý ukrain raýatynyň Manaforta Ukrainada syýasy geňeşçi işleri üçin beren millionlarça dollaryň esasan Kiprdäki hasaplara geçirilendigi aýdyldy.

Prokurorlar Manafortyň ukrain raýatyndan alandygy aýdylýan 60 million dollardan “prosentleriň uly mukdary” barada hasabat bermän, salgytdan gaçandygyny güman edýärler.

“Manafortyň haýyşy boýunça biz daşary ýurtlardaky bank hasaplar” barada ABŞ-nyň salgyt resmilerine habar bermedik diýip Gates aýtdy. Trampyň saýlaw kampaniýasy boýunça öňki geňeşçisi Manafort geçen ýylda özüne ýöňkelen günäleri boýun alyp, jezasyny ýeňilleşdirmek üçin prokurorlar bilen işleşýär.

Gates Ukrainanyň puly ýatyrylan hasaplara özüniň we Manafortyň gözegçilik edendigini aýdyp, şeýle-de, hasaplara ýene bir adamyň ýagny Manafortyň syýasy geňeşçisi we ýakyn biznes ýarany Konstantin Klimnigiň gözegçilik edendigini aýtdy. Iýun aýynda Klimnik Manafortyň işi bilen bagly şaýatlary gorkuzmakda aýyplandy. Sud diňlenişiginde ABŞ-nyň ýörite geňeşçisi Robert Mueller Klimnigi Orsýetiň aňtaw agentlikleri bilen gatnaşykda aýyplady. Klimnik muny ret etdi.

XS
SM
MD
LG