Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda "Talybanyň" hüjümlerinde dört owgan esgeri, dört zenan wepat boldy


Owgan harbylarynyň we ýaragly toparlaryň arasynda Farýap we Jowzjan welaýatlarynyň arasyndaky gara ýolda bolan söweş, 7-nji awgust, 2018.
Owgan harbylarynyň we ýaragly toparlaryň arasynda Farýap we Jowzjan welaýatlarynyň arasyndaky gara ýolda bolan söweş, 7-nji awgust, 2018.

Owganystanyň günbatar Farah welaýatynyň barlag-geçiş nokadynda "Talybanyň" söweşijileriniň amala aşyran hüjüminde dört owgan esgeri öldürildi we altysy ýaralandy diýip, resmiler aýdýarlar.

Welaýatyň häkiminiň metbugat-wekili Mohammad Naser Mehri Bala Buluk etrabynda bolan hüjümiň 6-njy awgustda başlanyp, 7-nji awgusta çenli dowam edendigini habar berdi.

Mehriniň aýtmagyna görä, Owganystanyň howa güýçleriniň goşulmagyndan soň, howadan edilen hüjümleriň netijesinde "Talybanyň" 19 söweşijisi öldürilipdir we 30 söweşijisi ýaralanypdyr.

Owganystanyň gündogar Logar welaýatynda owgan güýçleriniň we söweşijileriň arasynda bolan ok atyşyk zerarly dört zenan we dört çaga wepat bolupdyr.

Welaýat geňeşiniň agzasy Hasibullah Stanikzai bu ýagdaýyň 6-njy awgustda welaýatyň paýtagty Puli Alim şäheriniň golaýynda bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG