Belarusyň döwlet derňewçileri BelTA döwlet habar agentliginiň kompýuter sistemalaryny döwmekde güman edilip, şu hepdede tussag edilen ähli žurnalistleriň boşadylandygyny 9-njy awgustda agşam yglan etdiler, emma garaşsyz žurnalistleriň ençemesi heniz tussag astynda galýar.
Tussaglykdan boşadylanlaryň arasynda Tut.by hususy onlaýn habar portalynyň üç žurnalisti, ýagny baş redaktorlar Maryna Zolatawa we Hanna Kaltyhina, şeýle-de habarçy Hanna Ýermaçonak azatlyga çykdy.
Zolatawanyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, oňa garşy wezipesine suwuk-sala garamak bilen bagly iş gozgalypdyr we bu bäş ýyllyk türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.
Belarusyň derňew komiteti Zoltawanyň öz işgärleriniň BelTA agentliginiň tölegli abuna ýazylmak sislemasyny döwmäge ukyply maglumatlary "uzak wagtlap ulanandygyny we özüniň mundan habarly bolandygyny" boýun alandygyny aýtdy.
Tut.by neşriniň esaslandyryjysy Ýury Zisseryň Facebook sahypasynda ýazmagyna görä, portalyň ähli işgärleri boşadylypdyr. Emma ol bu tutha-tutlugyň diňe başlangyç bolup, derňew komitetiniň öz derňewlerini dowam etdirip, žurnalistleri "suda çekmegi" planlaşdyrýandygyny belledi.
Adam hukuklaryny goraýjylar Belarusyň häkimiýetlerini tutha-tutluklar arkaly prezident Aleksandr Lukaşenkanyň hökümetini tankyt edýän žurnalistleri sem etmäge synanyşykda aýypladylar. Belarusyň Daşary işler ministrligi muny ret etdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.