Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Buharestde polisiýa bilen protestçileriň arasynda bolan çaknyşykda ýüzlerçe adam ejir çekdi


Rumyniýa. Polisiýa bilen protestiçleriň çaknyşygy. Arhiw suuraty.
Rumyniýa. Polisiýa bilen protestiçleriň çaknyşygy. Arhiw suuraty.

Rumyn häkimiýetleri soňy zorluga ýazan anti-hökümet protestlerinden soň 440 adamyň, şol sanda polisiýa ofiserleriniň bejergi alandygyny aýdýar.

Buharest-Ilfov adatdan daşary ýagdaýlar gullugy 11-nji awgustda 65 adamyň, şol sanda 9 sany polisiýa ofiseriniň hassahana äkidilendigini aýtdy.

Rumyn paýtagty Buharestde korrupsiýa garşy protestçiler bilen pitnä garşy polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyk zorluga ýazyp, ýüzlerçe adamyň ejir çekmegine alyp geldi.

Polisiýa şäheriň esasy skwerinde umuman parahatçylykly protest bildirýän on müňlerçe adamy dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny ulandy.

10-njy awgustda rumyn şäherleriniň köçelerinde 100 müň çemesi adamyň toplanmagyna alyp gelen protestler soňlanyp barýarka zorluga ýazdy we merkez-sagçy prezident Klaus Iohannispolisiýany “aşa artyk güýç ulanmakda” aýyplap, täze hökümeti ýazgaryp çykyş etdi.

"Men pitnä garşy polisiýanyň gazaply goşulyşmasyny berk ýazgarýaryn, bu meýdançadaky adamlaryň köpçüliginiň hereketlerine düýpden gabat gelmeýär” diýip, ol feýsbukda ýazdy.

"Içeri işler ministrligi bu gije bolan wakalara näme sebäpden beýle çemeleşendigini gyssagly düşündirmeli bolar” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG