Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Ölüm jezasy Eýranyň ykdysady kynçylyklaryndan çykalga däl


Tähranyň baş prokurory Abbas Jafari Dolatabadi
Tähranyň baş prokurory Abbas Jafari Dolatabadi

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) guramasy eýran resmileriniň müňzäp gelýän ykdysady krizisiň öňüni “täze hukuk bozuş syýasatlary”, şol sanda ykdysady jenaýatlar üçin ölüm hökümini girizmek bilen almaga synanýandyklaryny duýdurýar.

"Jezalandyryp öldürmeler, adamkärçiliksiz we gaýduwsyz jezalar hiç wagt çykalga däl we bu diňe bu häzirki ykdysady bulaşyklygyň beýleki sebäplerinden ünsi sowar” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän topar 10-njy awgustda aýtdy.

ABŞ maýda Tähran bilen dünýä döwletleriniň arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çekileli bäri Eýran barha güýçlenýän ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Birleşen Ştatlar 7-nji awgustda eýran ykdysadyýetine garşy girizilen we ýadro ylalaşygy baglaşylandan soň ýatyrylan sanksiýalary gaýtadan dikeltdi.

Gadaganlyklaryň ikinji tapgyry bolsa noýabryň başynda güýje girýär.

Şu aralykda Tähranyň baş prokurory Abbas Jafari Dolatabadi, şol sanda berk liniýaly deputatlaryň bir topary we gazetler ýurduň köçe protestlerine alyp gelen ykdysady kynçylyklarynda günäkär hasaplanylan adamlara ölüm jezasynyň berilmegine çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG