Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet-Türkmenistan strategiki hyzmatdaşlyk ylalaşygy güýje girýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow, arhiw suraty
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow, arhiw suraty

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Reşit Meredow Gazagystanyň Aktau şäherinde iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasynyň tassyklanmagy boýunça dokumentleri alyşmak protokolyna gol çekdiler.

Bu dabara hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň gapdalyndan geçirildi diýip, TASS habar gullugy 11-nji awgustda habar berdi.

Türkmenistanyň bilen Orsýetiň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyna iki ýurduň döwlet ýolbaşçylary 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, Aşgabatda gol çekdiler.

Hazarýaka döwletleriniň – Orsýetiň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň baştutanlary 12-nji awgustda Aktauda Kaspi deňziniň durumyny kesgitlemek we konwensiýa gol çekmek üçin duşuşdylar.

XS
SM
MD
LG