Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranda maliýe jenaýatlaryna garşy çärelerde onlarça adam tussag edildi


Tährada tussag edilen adamlar. Illýustrasiýa suraty.

Eýranda maliýe jenaýatlaryny amala aşyrmakda aýyplanyp 67 adam tussag edildi.

“67 şübheli tussag edildi. Olaryň käbiri girewine azatlyga goýberildi. Ýüzden hem gowrak hökümet resmisine we şahsy pudagyň wekillerine garşy syýahat gadagançylygy girizildi” diýip, Eýranyň adalat ministrliginiň metbugat wekili mälim etdi.

Mundan bir gün öň, Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýi maliýe jenaýatçylyklaryna garşy göreşjek ýörite kazyýetleriň esaslandyrylmagyny oňlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG