Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň prokurorlary Trampyň saýlaw kampaniýasynyň öňki başlygyna garşy sud aýyplamalaryny tekrarladylar


Paul Manafort
Paul Manafort

13-nji awgustda Birleşen Ştatlaryň prokurorlary prezident Donald Trampyň saýlaw kampaniýasynyň öňki başlygy Paul Manaforta garşy sud aýyplamalaryny tekrarladylar. Bu waka Manafortyň salgytlardan gaçmak üçin Ukrainada syýasy geňeşçi işleri üçin alandygy aýdylýan millionlarça dollary gizländigi barada 10 gün dowam eden sorag etmeleriň yz ýanyna gabat geldi.

Manaforty gorap çykyş edýän topar bu iş boýunça şaýatlaryň diňlenmegini sorajakdygy ýa-da soramajakdygy barada 14-nji awgustda mälim etmeli bolar.

Manafort salgyt we bank galplygynyň 18 punkty boýunça sud edilýär. Ol bu aýyplamalaryň ählisi boýunça günäli tapylsa, onda sekiz ýyldan 10 ýyla çenli türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.

Prokurorlar Manafortyň 2010-2014-nji ýyllar aralygynda ukrain raýatyndan alandygy aýdylýan 60 million dollardan “prosentleriň uly mukdary” barada hasabat bermän, salgytdan gaçandygyny güman edýärler.

69 ýaşyndaky Manafort geçen ýylda özüne ýöňkelen günäleri boýun alyp, jezasyny ýeňilleşdirmek üçin prokurorlar bilen işleşýär.

XS
SM
MD
LG