Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Sentsowyň ejesiniň haýyşyny ret etdi


Oleg Sentsow
Oleg Sentsow

Kreml rus türmesinde saklanylýan ukrain režisýory Oleg Sentsowyň ejesiniň ogluny azatlyga goýbermek baradaky haýyşyny ret etdi.

Ukrainanyň mediasynda Lýudmyla Sensowanyň haýyşyna Kremliň beren ýazmaça jogaby görkezildi. Jogapda rus kanunçylygyna salgylanyp “tussagyň özüniň günäsiniň geçilmegini sorap, arza bilen ýüz tutmalydygy” nygtalýar.

Mundan öň, Sentsow özüniň günäsizdigini we syýasy matlaply aýyplamalar esasynda tussag edilendigini aýdyp, günäsiniň geçilmegini soramajakdygyny belläpdi.

Tussaglykdaky Sentsow üç aýdan bäri açlyk çekýär. Rus prezidentiniň Adam Hukuklary boýunça Maslahat beriş Geňeşiniň agzasy Sentsowy baryp göreninden soň, onuň ýagdaýynyň “agyrdyny”, emma ukrain režisýorynyň açlygyny bes etmek niýetiniň ýokdugyny hem mälim etdi.

XS
SM
MD
LG