Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Merkezi aňtaw agentliginiň öňki ýolbaşçysyny gizlin maglumatlardan mahrum etdi


John Brennan
John Brennan

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Merkezi aňtaw agentliginiň öňki ýolbaşçysy John Brennany gizlin maglumatlaryň elýeterliliginden mahrum etdi we milli howpsuzlyk boýunça öňki resmileriň birnäçesine duýduryş etdi.

Trampyň garşydaşlary onuň öz prezidentligini tankyt edýänlere garşy bu çykyşynyň öň görlüp eşidilmedik bir ýagdaý bolandygyny bellediler.

15-nji awgustda prezidentiň tankydyna sezewar bolanlaryň köpüsi ABŞ-nyň öňki administrasiýasynyň aňtaw we kanuny goraýjy resmileri bolup, olar Trampyň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanýandygyny aýdyp, ýalňyşlaryny tankyt edipdi.

Tramp Brennany örän gizlin dokumentlerden çetleşdirmegini delillendirip, onuň "durnuksyz hereketleriniň" milli howpsuzlyga "töwekgelçilik" döredýändigini belledi.

Brennan Trampyň hereketini "häkimiýetden hyýanatçylykly" peýdalanmak diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG