Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tamyň, Kremliň maslahatçylary gepleşik geçirerler


ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton özüniň russiýaly kärdeşi, rus prezidenti Wladimir Putiniň howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew bilen ýaraglary çäklendirmek ylalaşygyny we Eýranyň Siriýadaky roluny maslahat ederler.

Iki resminiň duşuşygy öňümizdäki hepde Ženewada geçer diýip, Reuters habarlar gullugy atlandyrylmasyzlygyny soran bir amerikan resmisine salgylanyp maglumat berdi.

Bu iýulda Helsinkide geçen Tramp-Putin sammitiniň netijeleri esasynda gurnalýan ilkinji ýokary derejeli resmi duşuşyk bolar.

Sammitden soň Tramp, beýleki meseleler bilen bir hatarda, Putin bilen ikiçäk ýagdaýda geçiren iki sagatlyk duşuşygynyň mazmunyny aýan etmändigi üçin ýiti tankytlanypdy.

XS
SM
MD
LG