Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşinýanyň goldawçylary onuň wezipä gelmeginiň 100 gününi bellediler


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň goldawçylary Respublika skwerinde toplandylar. 17-nji awgust, 2018.
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň goldawçylary Respublika skwerinde toplandylar. 17-nji awgust, 2018.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan onlarça müň goldawçysy bilen Ýerewanyň merkezindäki Respublika skwerinde öz wezipä girişmeginiň ilkinji 100 gününi bellemäge çykyp, bu ýygnanyşygy “milli birligiň demonstrasiýasy” diýip atlandyrdy.

Maý aýynda, korrupsiýa garşy köpçülikleýin protestleri gurnamak bilen garaşylmadyk ýerden häkimiýet başyna gelen Paşinýan 17-nji awgustda köçe ýörişleriniň öňüni çekip, aprelde bolan we ahyrynda şol wagtky premýer-ministr Serž Sargsýanyň işden çekilmegine alyp gelen köçe protrestleriniň birinde özüniň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan “alnyp gaçylandygyny” aýtdy.

Paşinýan ýurtda geçirilýän reformalary tizleşdirmegi wada berdi we Respublika skwerina toplanan mähellä ýüzlenip, hökümetiň basym ministrleriň we býrokratlaryň sanyny azaltjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG