Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan “Talybanynyň” lideri ABŞ bilen göni gepleşige çagyrýar


Molla Haibatullah Ahundzada
Molla Haibatullah Ahundzada

Owganystanyň “talyban” lideri ýurtda daşary ýurt “okkupasiýasy” saklanyp galsa, parahatçylyk bolmajakdygyny aýtdy.

Molla Haibatullah Ahundzada 18-nji awgustda, Eýd al-Ahda baýramçylygy mynasybetli çap eden beýanatynda “Talyban” hereketiniň “yslamçy maksatlaryna” hem-de Owganystanyň özygtyýarlylygyna ygrarly bolup galýandygyny gaýtalady.

Ahundzada öz toparynyň, ahyr netijede Owganystana parahatçylyk getirmek üçin “Amerika bilen göni gepleşikleri talap edýändigini” aýtdy.

“Talyban” soňky ýyllarda pitneçiligi güýçlendirip, Owganystanda bir topar ýeri eline geçirdi. “Talybanyň” Gazni şäherine 10-njy awgustda başlan hüjümi netijesinde 100-den gowrak owgan harbysy, 30 çemesi asuda adam öldürildi. Owgan resmileri bu söweşde onlarça “talyban” söweşijisiniň hem öldürilendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG