Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabul: Gunduzda 149 zamun azat edildi


"Talyban" jeňçileri bolmakda güman edilýänler. Arhiw suraty.

Owgan hökümeti ýurduň demirgazyk Gunduz welaýatynda “Talyban” jeňçileriniň elinden 149 zamunyň, şol sanda aýallaryň we çagalaryň azat edilendigini aýdýar.

Mundan birnäçe sagat öň - prezident Aşraf Ghaniniň Gurban baýramy mynasybetli ok atyşyklary bes etmek baradaky çagyryşyna garamazdan - jeňçiler Khan Abad etrabynyň golaýynda ýolagçy üç awtobusy duruzyp, onuň içindäkileri zamun alypdylar.

Ýerli habar serişdeleri sebite howpsuzlyk güýçleriniň gelendigini we güýçli çaknyşyklaryň gidýändigini habar beripdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG