Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Trans-Kaspi hazarýaka döwletleriniň ählisi bilen koordinirlenmelidir


Kaspi
Kaspi

Trans-Kaspi gaz geçirijisiniň gurluşygy hazarýaka döwletleriniň ählisi bilen koordinirlenmelidir diýip, Russiýanyň daşary işler ministrliginiň wekili Igor Bratçikow belledi.

Kaspiniň kanuny ýagdaýy boýunça Konwensiýa gol goýlandan soň Trans-Kaspi gaz geçirijisiniň gurluşygy baradaky berlen sowalyň jogaby Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap boldy.

Onda: “Eger-de Trans-Kaspi gaz geçirijilerini gurmak baradaky hakyky planlar orta çyksa, onda hazarýaka döwletleriniň islendigi, muny zerur hasaplasa, şeýle gurluşyklaryň Kaspiniň ekologiýasyna ýetirip biljek netijelerini seljermäge goşulyp bilýändir” diýilýär.

Aşgabat bilen Baku uzak wagtdan bäri Kaspiniň düýbünden geçirijini çekip, türkmen gazyny Azerbaýjana, soňy bilen hem Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa akdyrmagy planlaşdyrýardylar.

XS
SM
MD
LG