Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Facebook syýasy ýalan maglumatlary ýaýradýan hasaplaryny öçürdi


Facebook
Facebook

Facebook noýabrda ABŞ-da geçmeli kongres saýlawlarynyň öňüsyrasy syýasy ýalan maglumatlary ýaýradýan Russiýa we Eýran bilen ilteşikli 652 hasabyň we web sahypalarynyň öçürilendigini mälim etdi.

Mundanam başga, Twitter saudylara we Ysraýyla garşy Eýran propogandasyny ýaýradan 300 hasabyň togtadylandygyny aýtdy. Twitter öz ulgamynyň “manipulýasiýasyna” geçen ýyl başlanandygyny belledi.

Facebook geçen ýyl rus agentleriniň bu sosial ulgamy arkaly ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna täsir ýetirmäge synanyşandygyny aýdandan soň, gözegçiligini güýçlendirdi.

Facebook soňky ädimleri barada ABŞ-nyň we Britaniýanyň hökümetlerini habardar edendigini hem belledi.

XS
SM
MD
LG