Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň öňki aklawçysy orsýet boýunça iş alyp barýan derňewçiler bilen gepleşmäge taýýar


Maýkl Koen
Maýkl Koen

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň öňki hususy aklawçysynda Orsýetiň we ABŞ-nyň 2016-njy ýylyň saýlaw kampaniýasynyň arasyndaky arabaglanyşygy derňeýän ýörite prokurorlarda "gyzyklanma döredip biljek käbir meseleler" boýunça maglumaty bar diýip, onuň aklawçysy habar berdi.

Maýkl Koeniň aklawçysynyň 22-nji awgustda aýtmagyna görä, Koen öz maglumatlaryny diňe bir ABŞ-nyň ýörite ýuristi Robert Muellere bermek bilen çäklenmän, eýsem Kongressiň Orsýetiň amerikan saýlawlaryna täsir ýetirmek boýunça tagallalaryny derňeýän komitetlerine bermek isleýär.

Bu beýanat Trampyň öňki "guramaçysynyň" Tramp bilen işleşýändigi aýdylýan zenanlara olaryň dymmagy üçin pul töländigini boýun almagynyň yzýanyna gabat geldi.

Media maglumatlaryna görä, Koen Trampyň öz uly oglunyň Demokratik partiýasyndan syýasy garşydaşy Hillari Klintona zyýan ýetiriji maglumatlar dogrusynda orsýetli aklawçy bilen 2016-njy ýylda geçiren duşuşygy barada öňünden habarly bolandygyny Muellere aýtmak isläpdir.

Koeniň maglumatlary Senatyň Trampyň saýlaw kampaniýasynyň Orsýet bilen arabaglanyşygyny derňeýän komitetiniň hem ünsüni çekipdi.

XS
SM
MD
LG