Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tomusky Aziýa oýunlarynda türkmenistanly sportsmen kümüş medal gazandy


Indoneziýada geçýän tomusky ХVIII Aziýa oýunlarynda Şyhazberdi Owelekow greko-rim göreşinde kümüş medal gazandy

Indoneziýada geçýän tomusky ХVIII Aziýa oýunlarynda Türkmenistanly sportsmenler ýene bir medal gazandylar.

Türkmen metbugatyna görä, 24 ýaşly Şyhazberdi Owelekow greko-rim göreşi boýunça agramy 87 kilograma çenli 12 sportsmeniň arasyndaky bäsdeşlikde bürünç medala eýe bolupdyr.

Türkmenistanly sportsmeniň öz kümüş medalyny ilkinji gezek gazanandygy, geçen ýylda onuň Aşgabatda geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda bürünç medala eýe bolandygy maglumatda bellenýär.

Bu türkmenistanly sportsmenleriň soňky günlerde gazanan ikinji baýragydyr. Munuň öňüsyrasynda tomusky ХVIII Aziýa oýunlarynda türkmenistanly agyr atletikaçy Kristina Şermetowanyň agramy 53 kilograma çenli sportsmenleriň toparynda eden çykyşynda kümüş medala eýe bolmagy başarandygy habar berlipdi.

Indoneziýada geçýän Aziýa oýunlarynyň dördünji gününiň netijesinde Türkmenistanyň komandasy bir kümüş we bir bürünç medaly bilen, resmi däl hasaba görä, baýraklara eýe bolan 24 ýurduň komandalarynyň arasynda 22-nji ýerde barýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG