Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ýer yrandy, azyndan 2 adam öldi, 240 adam ýaralandy


Günbatar Eýranda bolan ýer yranmasynda azyndan iki adam öldi.
Günbatar Eýranda bolan ýer yranmasynda azyndan iki adam öldi.

Günbatar Eýranda bolan 6.0 magnitýudly ýer yranmasynda azyndan iki adam öldi, 240-dan gowrak adam bolsa ýaralandy.

Ýerli media Kermanşah welaýatynyň Javanrud şäherinde bolan sarsgynyň yzyndan bu töwerekde ýeriň azyndan iki gezek silkinendigini habar berýär.

Soňky silkinmeleriň Rihter ölçegi boýunça 4.0 magnitýuddan ýokarda bolandygy aýdylýar.

Habarlarda Tazehabad şäheriniň has kän zyýan çekendigi, ol ýere halas ediş toparlarynyň ugradylandygyny habar berýär.

Kermanşahyň gubernatory Houshang Bazvand elektrik togunyň birnäçe obada wagtlaýyn kesilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG