Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň parlamenti Rohaniniň ykdysadyýet ministrini wezipesinden gyraklatdy


26-njy awgustda işden gyrakladylan Masoud Karbasian
26-njy awgustda işden gyrakladylan Masoud Karbasian

Eýranyň parlamenti ýurtdaky ykdysady ýagdaýyň barha ýaramazlaşmagynyň we prezident Hassan Rohaniniň hökümetine bildirilýän näglileigiň ýokarlnmagynyň çäginde ykdysadyýet we maliýe ministrini wezipesinden boşatmagy sese goýdy.

26-njy awgustdaky ses berişlikde deputatlaryň jemi 137-si Masoud Karbasiana garşy ses berdi, olar onuň “ýurtdaky ykdysady ýagdaýlary aýdyňlaşdyrmak we gowulaşdyrmak ukybynyň ýokdugyny” aýdýarlar. Ses berişlige gatnaşan parlament agzalarynyň 121-si ministriň öz ornunda galmagy üçin ses berdi.

Bu Birleşen Ştatlar Tähran bilen dünýä döwletleriniň arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykaly hem-de ýatyrylan sanksiýalary dikeldeli bäri ýurtdaky ykdysady işgärleriň silkelenmeginiň soňky mysaly bolup durýar.

Emma konserwatiw deputat Abbas Payizadeh parlamentde ses berişlikden öň çykyş edip, “netijesizlik bilen planlaryň bolmazlygynyň sanksiýalara dahylynyň ýokdugyny” aýtdy.

"Nädogry kararlar halka zyýan ýetirdi we käbir adamlaryň jemgyýetçilik emlägine el urmagyna itekleri” diýip,Payizadeh sözüniň üstüni ýetirdi.

Karbasian şu aýda Rohaniniň hökümetinde wezipesinden çetleşdirilen ikinji ministr bolup durýar, ondan öň, 8-nji awgustda zähmet ministri Ali Rabei hem wezipesinden boşadyldy.

XS
SM
MD
LG