Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň goranmak ministri Siriýa bardy


Eýranyň goranmak ministri Amir Hamati (sagda) özüniň siriýaly kärdeşi Abdullah Aýoub bilen paýtagt Damaskda. 26-njy awgust, 2018 ý.
Eýranyň goranmak ministri Amir Hamati (sagda) özüniň siriýaly kärdeşi Abdullah Aýoub bilen paýtagt Damaskda. 26-njy awgust, 2018 ý.

Eýranyň goranmak ministri Siriýa iki günlük sapar edip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmegi maksat edinýär diýip, Eýranyň habar serişdeleri maglumat berýärler.

Amir Hatami Damaska gelen badyna: “Biz Siriýanyň rekonstruksiýasynda möhüm rol oýnajakdygymyza umyt edýärin” diýip, belledi.

Eýran we Russiýa Siriýada ýedi ýyl bäri dowam edýän konfliktde prezident Başar al-Assady goldaýarlar. 2011-nji ýylyň martynda hökümetiň protestçileri basyp ýatyrmagy netijesinde dörän konfliktde ýüzlerçe müň adam öldürildi, millionlarçasy hem öýlerini terk etmäge mejbur boldy.

Amir Hataminiň Siriýanyň ýokary derejeli resmileri, şol sanda prezident Başar al-Assad bilen hem gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG