Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet soňky 40 ýylyň iň uly harby tälim-türgenleşigini geçirýär


Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu Leningrad regionynda geçirilen harby türgenleşige syn edýär. 3-nji mart, 2014-nji ýyl
Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu Leningrad regionynda geçirilen harby türgenleşige syn edýär. 3-nji mart, 2014-nji ýyl

Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu Orsýetiň üstümizdäki aý 1981-nji ýyldan bäri iň uly harby-tälim türgenleşigini geçirjekdigini mälim etdi diýip, rus habar agentlikleri ýazýar.

Şoýgunyň 28-nji awgustda aýdan sözleri metbugat habarlarynda getirildi. Ol “Wostok-2018” atlandyryljak harby-tälim türgenleşigiň Orsýetiň merkezi we gündogar harby garnizonlarynda geçiriljekdigini, oňa 300 müň harbynyň, 1000 müňden gowrak uçaryň, ýurduň Ýuwaş umman hem-de Demirgazyk flotlarynyň ikisiniň, hem-de Orsýetiň harby howa birikmeleriniň ählisiniň gatnaşdyryljakdygyny aýdypdyr.

“Interfaks” habar agentliginiň maglumatyna görä, “Bu harby türgenleşik Orsýetde 1981-nji ýyldan bäri geçirilýän iň uly harby-tälim türgenleşigidir” diýip, Şoýgu habarçylara aýdypdyr.

Bu habar Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklaryň Orsýetiň Krymy ele geçirmegi, onuň Siriýada we Ukrainada oýnaýan roly, hem-de Birleşen Ştatlarda we Ýewropada saýlawlar gatyşdy diýilmegi bilen baglylykda Sowuk urşunyň tamamlanmagyndan soň ilkinji gezek iň pese derejä baryp ýetýän wagtyna gabat gelýär.

XS
SM
MD
LG