Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň döwlet filarmoniýa binasynda ýangyn döredi


Gyrgyzystanyň döwlet filarmoniýa binasy
Gyrgyzystanyň döwlet filarmoniýa binasy

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekdäki Döwlet filarmoniýa binasynda dörän ýangyny söndürmek üçin ýangyn söndüriji gullugyň işgärleri çagyryldy diýip, ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi aýdýar.

Gyrgyz döwlet filarmoniýasynyň bir işgäriniň 30-njy awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, ýangyn binanyň bäşinji gatynda döräp, bu ýerdäki adamlar ewakuasiýa edildi.

Binanyň içinde başga adamlaryň bardygy ýa-da ýokdugy barada häzirlikçe maglumat ýok diýip, Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň metbugat wekili Elmira Şeripowa media serişdelerine beren maglumatynda aýtdy.

Ýangynyň döremegine nämäniň sebäp bolandygy barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.

Sosial mediada çap edilen suratlarda we wideolarda Filarmoniýa binasynyň günbatar tarapyndaky penjirelerden gara tüssäniň ýokary galýandygyny görse bolýar.

XS
SM
MD
LG