Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýete, Siriýa ‘ozaldanan howply konflikti gyzdyrmazlyk’ duýduryşyny berýär 


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

Birleşen Ştatlar Siriýa we Orsýete ýakyn günlerde Siriýanyň pitneçileriň elinde galan soňky welaýatyna ediljek islendik harby hüjüme Siriýanyň ýedi ýyllyk raýat urşunyň gyzdyrylmagy hökmünde seretjekdigini duýdurdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň 31-nji awgustda eden duýduryşy gozgalaňçylaryň Siriýanyň Türkiýe bilen serhetleşýän Idlib welaýatynda köprüleri partladyp, garym gazyp, Siriýa we Orsýet ýolbaşçylary tarapyndan wada berlen töwerekleýin hökümet hüjümine garşy durmaga taýýarlyk görýän wagtlarynda edildi.

Orsýet bu söweşde Siriýanyň gury ýer goşunlaryna howa güçýleri arkaly goldaw berýär.

"Birleşen Ştatlar muňa ozaldanam howply konfliktiň has beter gyzdyrylmagy hökmünde seredýär” diýip, Pompeo twitter beýanatynda aýtdy we Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Lawrowyň Siriýanyň hüjüm etmek planlaryny goramagyndan nägileligini bildirdi.

"Mundan ozal öz öýlerinden bosup çykmaga mejbur edilen 3 million siriýaly häzir Idlibde ýerleşýär we olar bu agressiýadan ejir çeker. Bu gowy däl. Dünýä seredip otyr” diýip, Pompeo aýtdy.

XS
SM
MD
LG