Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow şor suwlardan döredilen kölüň boýunda şäherçe gurmaly diýýär


"Altyn asyr" kölüne gelýän şor suw
"Altyn asyr" kölüne gelýän şor suw

Türkmenistanyň prezidenti Garagumyň merkezinde ýerleşýän “Altyn asyr” türkmen kölüni, hökümet tarapyndan gurulýan emeli suw howdanyny abadanlaşyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagyna çagyrýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň 31-nji awgustdaky hökümet mejlisinde aýdan sözlerine görä, häzirki döwürde bu künjek “ekologiýa taýdan arassa zolak” bolup durýar.

“Şu sebäpden bu ýerde şäherçeleri gurmaly, toplanan suwy gaýtadan işläp, netijeli ulanmak boýunça kärhanalary döretmeli, balykçylygy ösdürmeli” diýip, TDH prezidentiň sözlerini sitirleýär.

Döwlet baştutany ekerançylyk ýerlerinden zeýkeşler arkaly toplanan hapa suwlary emeli suw howdanlaryna toplamak we gaýtadan ulanmak baradaky gapma-garşylykly pikirini öňräkden bäri gaýtalap gelýär, bu proýekte millionlarça dollar serişde harçlandy.

Emma ýerli synçylar zeý suwlarynyň garşysyna alnyp barylýan häzirki göreşiňnetijeler bilen göreşmek bolýandygyny, sebäplere garşy göreş däldigini aýdýarlar.

Gowaça ekişine sarp edilýän suwuň möçberiniň aşa köp bolmagy sebitde dörän ekologiýa problemalarynyň, şol sanda Aral kölüniň gurmagynyň, hasyllylygyň pese gaçmagynyň esasy sebäpleri hasaplanylýar.

Şeýle-de synçylar “Altyn asyr” türkmen kölünden onlarça ýyl öň döredilen “Sarygamyş” kölüniň tejribelerinden sapak almalydygyny, sebäbi bir ýere toplanan hapa suwlaryň zäherli çökündileriniň hiç ýere aýrylyp gitmeýändigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG