Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet bilen Ukraina Zaharçenkonyň ölüminde biri-birini aýyplaýar


Aleksandr Zahaçenko
Aleksandr Zahaçenko

Orsýet bilen Ukraina gündogar Ukrainadaky seperatistleriň başlygy, Donetsk halk respublikasy diýilýäniň ýolbaşçysy Aleksandr Zahaçenkonyň öldürilmeginde bir-birini günäleýär.

Zaharçenko 31-nji awgustda, Donetskdäki kafede bolan partlamada öldi.

Bu gündogar Ukraianda 2014-nji ýyldan bäri Moskwanyň goldaw bermegi bilen Kiýewdäki hökümete garşy uruşýan seperatist resmileriniň we komandirleriniň arasynda bolan zorlukly ölümleriň soňky mysaly bolup durýar.Umuman alnanda, bu uruşda 10 müň 300-den gowrak adam öldürildi.

Separatist resmileriniň we komandirleriň kast edilip öldürilmeginde köplenç olaryň biri-birleri, egindeş ýoldaşlary aýyplandy.

Emma Orsýet Zaharçenkonyň ölüminde derrew Kiýewi aýyplady. Iň soňky kommentlere görä, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 1-nji sentýabrda “bu partlatmanyň ukrain prowokasiýasy bolandygyny”, onuň “Minsk şertnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň öňüni almagy maksat edinýändigini” öňe sürdi.

Emma Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy özleriniň bu hüjümi “terrorçylar bilen olaryň rus howandarlarynyň” arasyndaky konfliktiň netijesi hasaplaýandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG