Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşiniýan Moskwa sapar etjekdigini aýtdy


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan Facebook arkaly göni ýaýlymda ýaşaýjylaryň soraglaryna jogap berýär. 2-nji sentýabr, 2018 ý.
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan Facebook arkaly göni ýaýlymda ýaşaýjylaryň soraglaryna jogap berýär. 2-nji sentýabr, 2018 ý.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan Moskwa bilen Ýerewanyň arasyndaky meseleleriň möhümliligine uly ähmiýet bermän, ikitaraplaryn gatnaşyklaryň “özüniň tebigy ugry boýunça özgerýändigni” aýtdy.

Facebook arkaly göni ýaýlymda ýaşaýjylaryň soraglaryna jogap beren Paşiniýan özüniň Moskwa sapar etjekdigini we rus prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirjekdigini hem mälim etdi. Ol saparyň anyk senesi barada maglumat bermän, diňe onuň ýakynda amala aşjakdygyny aýtdy.

Ol: “Bu biziň üçünji duşuşygymyz bolar... biz gatnaşyklarymyzyň gün tertibine gararys we bar bolan meselelere çözgüt taparys” diýdi.

XS
SM
MD
LG