Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýada “owganystanly” ozakly söýgülisini öldürmekde günäli tapyldy


Germaniýanyň Çemnitz şäherinde migrantlar meselesi bilen baglylykda protestler geçirildi.1-nji sentýabr, 2018 ý.
Germaniýanyň Çemnitz şäherinde migrantlar meselesi bilen baglylykda protestler geçirildi.1-nji sentýabr, 2018 ý.

Germaniýanyň sudy bosgunlyk alyp bilmedik bir owganystanlyny ozalky 15 ýaşly söýgülisini pyçaklap öldürmekde günäli tapyp, 8,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Bu wakany Germaniýanyň aşa çepçi partiýasy özüniň migrantlara garşy alyp barýan kampaniýasynda ulandy.

Abdul D. diýlip tanyşdyrylan owganystanly 27-nji dekabrda Kandel şäherinde bir dermanhananyň içinde ozalky hallaşýan gyzyny pyçaklandygyny boýun aldy. Ol gyzyň ony taşlandygy sebäpli, gabanjaňlygyndan bu jenaýata baş goşupdyr.

Mundan öň, Germaniýanyň Çemnitz şäherinde migrantlar meselesi bilen baglylykda protestler geçirildi. 1-nji sentýabrda 8 müň töweregi aşa sagçy demonstrantlar siriýalylar we yraklylar tarapyndan edilendigi aýdylan heläkçilikli hüjümlere garşy protest geçirdiler. Hepdäniň soňunda bolsa, aşa sagçylara garşy çykyp 3 müň töweregi demonstrant ýöriş geçirdi.

XS
SM
MD
LG