Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Hakkani” toparynyň esaslandyryjysy öldi


Jalaluddin Hakkani
Jalaluddin Hakkani

Owganystanyň iň howply we zalym “Hakkani” jeňçi toparynyň esaslandyryjysy uzak keselden soň öldi diýip, “Talyban” hereketi mälim etdi.

Jalaluddin Hakkani “kesel bilen uzak göreşinden soň aradan çykdy” diýip, “Talyban” Twitterde ýazgy galdyrdy. Bellesek, Jalaluddiniň ogly Sirajuddin Hakkani häzir topara ýolbaşçylyk edip, ol “Talybanyň” ýolbaşçysynyň hem orunbasarydyr.

“Talyban” hereketi Jalaluddiniň “şu döwrüň iň beýik jyhadçylarynyň biri bolandygyny” öňe sürdi.

ABŞ 2012-nji ýylda “Hakkani” toparyny terroristik guramalarynyň sanawyna goşdy.

Jalaluddin Hakkani soňky 10 ýyl bäri ysmazdy. Ol “Talybanyň” häkimiýeti döwri, 2011-nji ýylda ABŞ-nyň Owganystana girmezinden öň, ministr hem bolupdy.

Onuň arap ekstremistleri, şol sanda "Al-Kaýda" toparynyň öldürilen lideri Osama bin Laden bilen hem ýakyn gatnaşyklary bardy.

“Hakkani” topary soňky döwür Owganystanda ençeme hüjümleri amala aşyrmakda, şeýle-de owgan resmilerini öldürmekde we daşary ýurtlylary alyp gaçmakda aýyplanypdy.

XS
SM
MD
LG