Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada Nemtsowyň hatyrasyny tutujylara hüjüm edildi


Ozalky birinji wise-premýer Boris Nemtsowyň hatyrasyna guralan ýörişe gatnaşyjylar. Moskwa, 27-nji fewral, 2017
Ozalky birinji wise-premýer Boris Nemtsowyň hatyrasyna guralan ýörişe gatnaşyjylar. Moskwa, 27-nji fewral, 2017

Kremlçi milletçi aktiwistler Moskwa köprüsinde, ozalky birinji wise-premýer Boris Nemtsowyň atylyp öldürilen ýerinde gurlan wagtlaýyn ýadygärligi goraýan iki meýletinçä hüjüm etdiler.

SERB milletçi toparynyň aktiwistleri ýadygärligiň ýanynda Grigoriý Samsonowyň ýüzüne burç suwuklygyny pürkdüler, Pawel Kolesnikowyň elinde tutup duran kamerasyna zeper ýetirdiler.

Şeýle-de olar oppozisioneriň hatyrasyna goýlan gülleri, Boris Nemtsowyň portretini ogurlap gaçdylar.

Meýletinçileriň jaň edip habar bermeklerine garamazdan, polisiýa gelmedi.

Tanymal oppozisioner bolan Nemtsow prezident Wladimir Putiniň berk tankytçysydy we 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda Kreml köprüsiniň alkymynda atylyp öldürildi.

Häkimiýetler oňa ýadygärlik dikmekden boýun gaçyrdylar, meýletinçiler syýasatçynyň öldürilen ýeriniň golaýynda wagtlaýyn ýadygärlik dikeltdiler we ony gorap saklaýarlar.

XS
SM
MD
LG