Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowaly protestçiler serb prezidentiniň sapar etjek obasynyň ýoluny baglady


Wuçiçiň Kosowadaky saparynyň öňi baglandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:45 0:00

Wuçiçiň Kosowadaky saparynyň öňi baglandy

Ýüzden gowrak kosowaly protestçi 9-njy sentýabrda Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Wuçiçiň sapar etjek obasynyň ýoluny baglady.

Protestçiler paýtagt Mitrowisa bilen Banýe obasynyň, Wuçiçiň şu gün giçlik sapara barmagy planşadyran ýeriniň arasyndaky esasy ýoly awtomobiller bilen beklediler.

Ýol ýapanlaryň ýazan şygarlarynda “Wuçiç geçmez”, “Bigünä raýatlara garşy gyrgynçylyk edenler geçip bilmez” diýen sözleri okamak bolýar.

Wuçiç Kosowa 8-nji sentýabrda, Kosowanyň prezidenti Haşim Taçi bilen duşuşygy goýbolsun edileninden bir gün soň başlanan iki günlük sapar bilen geldi. Duşuşyk serb prezidentiniň görüşmekden boýun gaçyrany üçin goýbolsun edildi.

Başa barmadyk duşuşyk iki ýurduň geçen aý hem Belgrad, hem Pristina tarapyndan eýe çykylan ýerleri çalyşmak mümkinçiligine has kän şübhe döredýär.

ÝB, ABŞ resmileri özleriniň territoriýa çalyşmaklygy goldaýandyklaryny aýtdylar. Germaniýa we synçylylaryň köpüsi Balkanlarda köneden gelýän etniki duşmançylyklary täzelemegiň gowy zat däldigini nygtadylar.

XS
SM
MD
LG