Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakly kanunçykaryjylar premýer-ministriň çekilmegini talap edýärler


Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi
Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi

Yragyň syýasy liderleri ýurduň günortasyndaky Basra şäherinde ýüze çykan heläkçilikli bidüzgünçiliklerden soň, premýer-ministr Haýdar al-Abadiniň wezipesinden çekilmegini talap etdiler.

“Biz hökümetiň adamlardan ötünç sorap, dessine çekilmegini talap edýäris” diýip, şaýy ruhanasy Muktada al-Sadryň syýasy toparynyň metbugat-wekili Hassan al-Akuli çykyş etdi. Bu topar maýda geçirilen saýlawlarda parlamentde iň köp orunlary almagy başarypdy. Parlamentdäki ikinji uly blok, Ýeňişler Allýansy hem Abadiniň çekilmegine çagyrdy.

Mundan öň, parlament Basradaky ýagdaýlara bagyşlap adatdan daşary mejlis geçiripdi. Basradaky gazaplylykda 12 protestçi öldürilip, hökümet binalaryna hem zeper ýetipdi.

Şäherde 30 müň töweregi adam agyz suwy sebäpli näsaglyga duçar bolandan soň, köpçülikleýin protestler başlanypdy.

Abadi Basradaky protestleri “syýasy asyljaňlyk” atlandyrypdy.

Bu aralykda, Abadiniň hökümeti Basra goşmaça maliýe serişdeleriniň ugradyljakdygyny hem mälim etdi.

XS
SM
MD
LG