Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Russiýanyň polisiýasy ýörişleri basyp ýatyrmakda “täze pes derejä düşdi”


Rus polisiýasy we protestçiler
Rus polisiýasy we protestçiler

Russiýanyň polisiýasy hökümetiň pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmak baradaky planlaryna garşy geçirilen parahatçylykly protestler döwründe “onlarça ýetginjegi” tussag etmek arkaly “täze pes derejä düşdi” diýip, “Amnesty International” guramasy aýdýar.

Düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklaryna gözegçilik edýän gurama bu baradaky beýanatyny 10-njy sentýabrda, ýagny Kremle garşy demonstrantlar köçelere çykan mahaly, Russiýanyň çäginde 1 müňden gowrak adam tussag edilenden bir gün soň ýaýratdy.

Ýörişlerde surata düşürilen wideo ýazgylarda polisiýa ofiserleriniň demonstrantlary dürreler bilen urup, üýşmeleňleri dartgatmak üçin güýç ulanýandygyny görse bolýar.

Polisiýanyň ýaşlara güýç ulanýandygy baradaky suratlar sosial mediada ýaýrady.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow polisiýanyň hereketlerini gorap çykyş etdi. Ol ofiserleriň “kanuna laýyk berk hereket edendigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG