Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň öňki premýer-ministri Şarif wagtlaýyn türmeden boşadyldy


Pakistanyň öňki premýer-ministri Nawaz Şarif
Pakistanyň öňki premýer-ministri Nawaz Şarif

Pakistanyň tussaglykdaky öňki premýer-ministri Nawaz Şarif we onuň gyzy bilen körekeni Şarifiň aýalynyň jaýlanyş çäresi üçin wagtlaýyn türmeden boşadyldy diýlip, Pakistanyň media maglumatlarynda habar berilýär.

Olar 12-nji sentýabrda Pakistanyň türme düzgünlerine laýyklykda 12 sagatlyk tussaglykdan boşadyldy, ýöne bu wagt möhleti uzaldyljaga meňzeýär.

Begum Kulsum Nawaz bir ýyldan gowrak wagt bäri rak keselinden ejir çekýärdi. Ol 11-nji sentýabrda, 68 ýaşynda Londonyň keselhanasynda aradan çykdy.

Pakistanda premýer-ministr wezipesini üç möhlet ýerine ýetiren Şarif iýul aýynyň başynda korrupsiýa aýyplamalarynda höküm edilmeginiň yz ýany, 10 ýyl türme tussaglygyny berjaý edýärdi. Şarifiň gyzy Marýam Nawaz ýedi ýyl, onuň adamysy Muhammad Safdar bir ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Nawaz Şarif we onuň maşgalasy özlerine garşy ýöňkelen aýyplamalaryň we çykarylan hökümleriň syýasy matlaplydygyny aýdýar.

Pakistanyň media serişdeleri Kulsum Nawazyň jaýlanyş çäresiniň 14-nji sentýabrda Lahor şäherinde geçiriljekdigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG