Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýeti BMG-niň Demirgazyk Koreýa barada hasabatyny üýtgetmekde aýyplady


ABŞ-niň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý
ABŞ-niň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý

ABŞ Orsýeti BMG-niň Demirgazyk Koreýa boýunça sanksiýalarynyň Moskwa tarapyndan bozulandygy baradaky garaşsyz hasabaty üýtgetmekde aýyplady.

13-nji sentýabrda ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý, Orsýetiň geçen aýda Howpsuzlyk Geňeşiniň sanksiýalar boýunça komitetine tabşyrylan Demirgazyk Koreýa boýunça hasabaty gowulandyrmak üçin garaşsyz gözegçilerine basyş edendigini aýtdy.

Hasabatda Phenýanyň özüniň ýadro we raketa programmalaryny togtatmandygy we munuň BMG-niň eksporta girizen sanksiýalaryny bozýandygy bellenýär.

Haleý we beýleki diplomatlar Orsýetiň hasabaty üýtgetmek üçin basyş görkezendigini aýtdylar.

Gizlinlik şerti bilen söhbetdeş bolan diplomatlaryň biri üýtgedilen hasabatdan Demirgazyk Koreýa babatyndaky sanksiýalary bozan orsýetlilere salgy berýän maglumatlaryň ýok edilendigini aýdýarlar.

Ýene bir diplomatyň AFP agentligine aýtmagyna görä, Orsýetiň nebit söwdasyna degişli käbir paragraflar Moskwanyň talaby boýunça hasabatdan aýrylypdyr.

Awgustyň aýagynda Orsýet hasabatyň çap edilmegini petikledi, ol dokumentde Phenýanyň 2018-nji ýylda BMG-niň 2017-nji ýylda girizen sanksiýalarynda göz öňünde tutulan nebit importynyň limitinden çykandygy baradaky maglumatlar bilen ylalaşmady diýip, diplomat belledi.

XS
SM
MD
LG