Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda gaçakçylykly alkogoldan dört adam wepat boldy


Tähranda ele salnan alkogol önümleri
Tähranda ele salnan alkogol önümleri

Eýranyň Karaj şäherinde dört adam, şol sanda bir zenan gaçakçylykly alkogol içip wepat boldy diýip, baş sud resmisi aýtdy.

Ýarym resmi ISNA agentligi Karaj şäheriniň prokurory Reza Şahkaramini sitirläp, paýtagtdan günbatarda ýerleşýän bu şäherde 40 çemesi adamyň zäherlenip keselhana düşendigini habar berdi.

Eýran resmisi 11-nji sentýabrda ýüze çykan bu ýagdaýyň derňelýändigini aýdyp, "12 adam keselhana düşdi. Birnäçe sagadyň içinde keselhana düşenleriň sany 39 adama ýetdi" diýip belledi.

1979-njy ýylyň rewolýusiýasyndan soň Eýranda alkogol gadagan edilýär we munuň üçin urlup-ýenjilme jezasy hem pul jerimesi göz öňünde tutulýar.

Muňa garamazdan, eýranlylar daşary ýurtlarda öndürlen we öýde öndürlen alkogoly içýärler, bu önümler gara bazarda satylýar. Ozalky ýyllarda ýurtda adamlaryň alkogoldan zäherlenmegi barada ençeme gezek habar berlipdi. 2014-nji ýyldan bäri Eýran alkogol hassalar üçin bejeriş merkezlerini açýar.

XS
SM
MD
LG