Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp, Pompeo Kerrini eýranlylar bilen duşuşyk üçin tankytlaýar


Jon Kerri. Arhiw suraty. 2017 ý.
Jon Kerri. Arhiw suraty. 2017 ý.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo öň döwlet sekretary bolan Jon Kerrini ýakynda Eýranyň daşary işler ministri bilen birnäçe gezek duşuşmakda tankytlap, Obama döwrüniň resmisiniň ABŞ-nyň Tähran babatdaky syýasatyny “aktiw gowşadýandygyny” aýtdy.

Pompeo 14-nji sentýabrda Kerriniň Mohammad Jawad Zarif bilen duşuşyklarynyň “gelşiksiz we görülmedik”, “hiç bir kada sygmaýan” zat bolandygyny aýtdy.

Bir gün ozal prezident Donald Tramp Kerrini “Örän duşmançylykly eýran režimi bilen bikanun duşuşmakda” aýyplady hem-de munuň diňe amerikan halkynyň bähbitlerine edilýän uly işlere zyýan ýetirip biljekdigini belledi.

Kerri bu tankytlara 14-nji sentýabrda twitter arkaly: “Jenap prezident, siz meniň Eýranyň DIM-i bilen duşuşmagyma garanda Pol Manafortuň Robert Mýuller bilen duşuşmagy hakynda köpräk alada etmeli” diýip jogap berdi.

XS
SM
MD
LG