Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Harby dikuçar heläkçiliginde 5 harby öldi


Farah welaýatyndaky harbylar. 15-nji maý, 2018.
Farah welaýatyndaky harbylar. 15-nji maý, 2018.

Owgan resmisi günbatardaky Farah welaýatynda bolan dikuçar heläkçiliginde azyndan bäş harby gullukçynyň, dikuçar ekipažynyň ähli agzasynyň ýogalandygyny aýdýar. Dikuçar adatdan daşary ýagdaýda gonmaga synanyp, ot alypdyr.

Haki Safad etrabynyň häkimi Mohammad Noorzai bu heläkçiligiň 14-nji sentýabr güni giçlik, tehniki näsazlyk sebäpli bolandygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, “Talyban” bu dikuaçryň özleri tarapyndan urlup ýykylandygyny aýdýar.

Farah welaýatynyň köp ýerine, hususan-da Haki Safad etrabyna “Talyban” kontrollyk edýär.

Bu habar owgan welaýatlarynyň dördüsinde azyndan 38 howpsuzlyk işgäriniň we asuda adamyň öldürilmeginiň bir gün soňundan ýaýrady.

XS
SM
MD
LG