Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zaew makedoniýalylar at üýtgedilmegini kabul etmeli diýýär


Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaew
Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaew

Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaew raýatlar ýa täze at bilen ylalaşmaly, ýa-da geljekde “durnuksyzlyk” we “izolýasiýa” bilen ýüzbe-ýüz bolmaly diýdi.

Zaew 16-njy sentýabrda AFP habar gullugy tarapyndan çap edilen söhbetdeşliginde makedoniýalylary ýurduň adyny Demirgazyk Makedoniýa respublikasy diýip täzeden atlandyrmak boýunça geçirilýän referendumda “hawa” diýip ses bermäge çagyrdy.

Bu referendum, ýurduň ady üstünde barýan dawany çözmek üçin goňşy Gresiýa bilen onýyllyklara çeken gepleşiklerden soň gelnen ylalaşykdan soň, 30-njy sentýabrda geçirilmeli edildi.

Skopýe bilen Afinanyň arasyndaky at dawasy 1991-nji ýyldan, Mkedoniýanyň Ýogoslawiýadan parahatçylyk bilen bölünen we özüni Makedoniýa respublikasy atlandyryp, garaşsyzlygyny jar eden wagtyndan uç alýar.

Gresiýa Makedoniýa adyna garşy boldy, ýagny bu adyň şeýle ady göterýän demirgazyk grek topragyna dawagärlik bolýandygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG