Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda Eýrana tarapdar sünni parlament spikerligine saýlandy


Yrak, sünni deputaty Muhammad al-Halbusi
Yrak, sünni deputaty Muhammad al-Halbusi

Yragyň parlamenti ýurt aýlara çeken dartgynly gepleşiklerden soň täze hökümet döretmäge golaýlan wagtynda, sünni deputaty Muhammad al-Halbusi täze spikeri edip saýlady.

15-nji sentýabrda, Halbusiniň spiker saýlanan güni Yragyň täze hökümetini düzmek prosesiniň başlananyna 90 gün doldy.

37 ýaşyndaky Halbusi Yragyň taryhyndaky iň ýaş spiker bolar.

Ol eýrana tarapdar, Hadi al-Amweriniň ýolbaşçylygyndaky Basyp alyş ýaranlygy, ozalky ýarym harby söweşijiler koalisiýasy tarapyndan goldanyldy.

Spikeriň birinji orunbasary wezipesi şaýy ruhanysy Muktada al-Sadr tarapyndan hödürlenen Hassan Karime berildi. Al-Sadryň syýasy blogy maýda geçirilen umumy saýlawlarda orunlaryň iň köp bölegini gazandy.

Ameriniň blogy, premýer-ministr Haidar al-Abadiniň koalisiýasyndan soň, saýlawlarda ikinji geldi.

XS
SM
MD
LG