Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa MH17 uçarynyň Ukraina tarapyndan atylan raketa bilen urlandygyny öňe sürdi


Malaýziýa howaýollaryna degişli MH17 uçary 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda urlupdy.
Malaýziýa howaýollaryna degişli MH17 uçary 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda urlupdy.

Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainanyň gündogarynda ýolagçy uçarynyň 1986-njy ýylda Sowet Ukrainasyna ugradylan raketa tarapyndan urlup düşürilendigini öňe sürdi.

Bu barada rus harby resmileri Moskwada çykyş etdiler.

Munuň netijesinde, Kreml Malaýziýa howaýollaryna degişli MH17 uçarynyň Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky separatistlere ýollan howa hüjüminden goranyş ulgamy tarapyndan urlandygy baradaky halkara derňewiň netijelerini ýalana çykarjak bolýana çalym edýär.

Ukrain resmileri Moskwanyň bu baradaky öňe sürmelerini ret etdiler.

XS
SM
MD
LG