Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Gyrgyzystanyň “ekstremizm” kesgitlemesini tankytlady


Gyrgyz polisiýa işgärleri.
Gyrgyz polisiýa işgärleri.

Gyrgyzystan ekstremizm düşünjesini “howply giň gerimde” kesgitläp, ony ýüzlerçe adamy tussag edip, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm etmek üçin ulanýar diýip, adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” topary belledi.

Topar adamlaryň gyrgyz hökümeti tarapyndan gadagan edilen wideolary, gollanmalary we kitaplary saklandyklary üçin, üçden 10 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilendiklerini aýdýar. “Human Rights Watch” aýyplanýanlaryň bu materialy ýaýratmandyklaryny ýa-da gazaplylyga çagyrmandyklaryny hem belläp geçýär.

Toparyň maglumatyna görä, käbir ýagdaýlarda gadagan edilen kitaplar gözleg mahaly polisiýa tarapyndan oklanyp, soňy bilen-de işiň suda geçirilmezligi üçin para talap edilipdir.

XS
SM
MD
LG