Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet departamenti: Dünýädäki terror hüjümleriniň sany üzül-kesil azaldy


Kabuldaky terror hxjxmi, 16-njy awgust, 2018 ý.
Kabuldaky terror hxjxmi, 16-njy awgust, 2018 ý.

“2017-nji ýylda dünýädäki terror hüjümleriniň sany üzül-kesil azaldy, munuň esasy sebäbi Yragyň uly bölegini elinde saklan “Yslam döwleti” terror toparynyň ýok edilmegi bilen bagly” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň üçünji gün terror barada çap eden ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

Amerikan ekspertleriniň maglumatyna görä, geçen ýyl dünýäde 8584 terror hüjümi edildi, bu ondan öňki ýyldakydan 23 prosent az bolýar. Terror hüjümleri netijesinde 19 müňe golaý adam öldürildi.

Şol bir wagtda, ýüz ýurtda terror hüjümleriniň bolandygy bellenildi. Terror hüjümleriniň iň ýygjam bolan ýurtlarynyň merkezinde bäş ýurt - Owganystan, Yrak, Hindistan, Pakistan we Filippinler durýar.

Terror hüjümlerinden iň köp ejir çeken ýurt Owganystan bolup, bu ýerde 4672 adam öldürildi.

Döwlet departamentiniň wekili Neýtan Seýls hasabatyň prezentasiýasynda, YD terror guramasynyň söweşijileriniň garşysyna geçirilen üstünlikli operasiýalar netijesinde, Yrakdaky ýagdaýyň durnuklaşandygyny aýratyn belledi.

Terrorçylyga howandarlyk edýän ýurtlaryň hataryna Eýran, Demirgazyk Koreýa, Sudan we Siriýa goşuldy. Eýran hasabatda dünýämiň dürli ýerlerinde hereket edýän terror toparlaryny iň aktiw penalaýjy diýip atlandyryldy.

XS
SM
MD
LG