Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we BMG günorta-günbatar Eýranda harby parada edilen hüjümi ýazgardy


Ahwazdaky terror hüjümi wagtynda, 22-nji sentýabr, 2018.
Ahwazdaky terror hüjümi wagtynda, 22-nji sentýabr, 2018.

ABŞ-nyň we BMG-niň resmileri günorta-günbatar Eýranda harby parada edilen hüjümi ýazgardy.

Media maglumatlaryna görä, bu hüjümde azyndan 25 adam öldürildi we 60 adam ýaralandy. Ýurduň ýokary ruhany lideri bu hüjümde “Birleşen Ştatlaryň gurjaklaryny” günäledi.

"Birleşen Ştatlar terror hereketleriniň ählisini we bigünä adamlaryň islendik öldürilmegini ýazgarýar” diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi Hizer Naert (Heather Nauert) 22-nji sentýabrda aýtdy.

“Biz radikal yslam terrorçylygynyň betbagtçylyklaryna garşy eýran halky bilen bilelikde durýarys we bu gynançly pursatda olara öz duýgudaşlygymyzy bildirýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýranyň resmi IRNA habar gullugynyň “habarly çeşmelere” salgylanyp aýtmagyna görä, harby lybaslary geýen ýaragly adamlar günorta-günbatardaky Ahwaz şäherinde ýurduň 1980-88-nji ýyllarda Yrak bilen bolan urşunyň başlanan gününde geçirýän ýyllyk parady mahalynda eýran resmileriniň duran münberini oka tutdy.

IRNA-nyň ýazmagyna görä, ölenleriň arasynda asuda adamlar, çagalar we aýallar-da bar.

XS
SM
MD
LG