Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astanada göreş boýunça dünýä çempionaty geçer


Göreş tutýan pälwanlar.
Göreş tutýan pälwanlar.

Gazagystanyň paýtagty Astanada öňümizdäki ýyl göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Birleşen Dünýä Göreş (UWW) guramasy çempionatyň 2019-njy ýylyň 14-22-nji sentýabr aralygynda Döwlet Arenasynda geçiriljekdigini mälim etdi.

“Men Astananyň türgenlerimiz, tälimçilerimiz we janköýerlerimiz üçin ajaýyp çäräni gurajkdygyna ynanýaryn” diýip, guramanyň prezidenti Nenad Lalowiç belledi.

“Göreş boýunça dünýä çempionatlary möhüm waka bolup, olar göreşiň Gazagystanda giňden ýaýramagyna ýardam eder” diýip, Gazagystanyň göreş boýunça federasiýasynyň başlygy Sauat Mynbaýew aýtdy.

XS
SM
MD
LG