Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýa: Saýlawçylaryň referenduma gatnaşygyny gazanmak üçin tagalla edilýär


Demokratiýa tarapdar topar Makedoniýanyň NATO we Ýewropa Bileleşigine goşulmagyny çaltlaşdyrmak üçin ýurduň adyny üýtgetmek boýunça geçiriljek möhüm referenduma ses berijileriň gatnaşygyny gazanmak üçin internetde giň gerimli tagalla edilýändigini aýdýar.

Saýlaw bitewüligi boýunça transatlantik komissiýanyň maglumatyna görä, saýlawçylara edilýän bu basyş tagallalary 30-njy sentýabrda geçiriljek referendumda ýeňiş gazanmaga gönükdirilen ýaly bolup görünýär. Bu referendumyň kanuny taýdan güýji bolmagy üçin ýurduň ilatynyň 50%-i ses berişlige gatnaşmaly.

Saýlaw bitewüligi boýunça transatlantik komissiýanyň agzalarynyň arasynda Birleşen Ştatlaryň öňki wise-prezidenti Joe Biden we Britaniýanyň premýer-ministriniň öňki orunbasary Nick Clegg dagy bar.

Bu referendum, ýurduň ady üstünde barýan dawany çözmek üçin Makedoniýanyň täze sosialistik hökümeti bilen goňşy Gresiýanyň arasynda şu ýyl gelnen ylalaşygyň yz ýany geçirilýär. Referendumda balkan döwletiniň adyny Demirgazyk Makedoniýa üýtgetmek boýunça ses berişlik geçiriler.

Eger saýlawçylar ýurduň adyny üýtgetmegi kabul etse, onda referendum Makedoniýanyň Ýewropa Bileleşigine we NATO goşulmagyna ýol açar.

XS
SM
MD
LG